Günbatar PÝD-ä ýarag berýär, gurama bolsa olara nebit satýar

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly PÝD-ä agza terrorçy Günbatar ýurtlaryň gurama ýarag berýändigini, PÝD-niň bolsa olara nebit satýandygyny mälim etdi

564157
Günbatar PÝD-ä ýarag berýär, gurama bolsa olara nebit satýar

“ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Kanada, Germaniýa we Italiýa uçarlar arkaly 50 müň tonna töweregi ýarag we ok-däri berdi” diýen terrorçy PÝD-niň bolsa Amerikan kärhanalaryna nebit satýandygyny öňe sürdi.

Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabynda Žabdarma güýçlerine boýun egen terrorçy PÝD ýarag kömeginiň berilýändigini habar berdi.

2 ýyl ozal guramanyň hataryna goşulandygyny bellän terrorçy: “ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Kanada, Germaniýa we Italiýa uçarlar arkaly 50 müň tonna töweregi ýarag we ok-däri berdi” diýdi.

Haber türk gazediniň habaryna görä terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyny pursat bilip, Türkiýede Amed atly kanton sebiti emele getirmäge synanyşandygyny aýdan terrorçy: “Serhediň golaýyndaky welaýatlar başda bolmak bilen ýaşaýjylarynyň aglabasy kürtler bolan ýerlerde halky öjükdirmegi meýilleşdirýärler. Guramanyň esasy maksady Ýewfrat derýasynyň günbatarynda, Rakka we Jerablusy hem öz düzümine birikdirip, Ortaýer deňizine çenli ýerleri basyp alyp, koridor emele getirmek” diýip mälim etdi.


Etiketkalar: #günbatar , #PÝD , #PKK , #Amed , #kanton

Degişli Habarlar