Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Kathimerini gazedine beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýäniň raýatlaryna wiza erkinligini ýola goýman halatynda Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşygyň dowam etmejekdigini belledi

562307
Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Kathimerini gazedine beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly Gresiýanyň Kathimerini gazedine beren beýanatynda Ýewropa Bileleşiginiň öz üstüne düşenleri ýerine ýetirmän halatynda, Türkiýäniň bikanun göçleri ýeke özüniň saklap bilmejekdigini mälim etdi.

Çawuşogly ÝB-niň Türkiýäniň raýatlaryna garşy ýola goýan wizanyň iň güýç oktýabr aýyna çenli aýyrmagyna garaşýan Türkiýäniň ýogsam Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşygy ýerine ýetirmegi dowam etmejekdigini habar berdi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlenmegi barada durup geçen Çawuşogly 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň Gresiýadan penalyk islän 8 harbynyň iň gysga wagtda yzyna berjekdigine ynanýandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar