"Türk ýaragly güýçleri öz güýjüni gorap saklaýar"

“Türk ýaragly güýçleri öz güýjüni gorap saklaýandygyny we öz hataryndaky dönüklerden saplanandan soň has güýçli ýagdaýa geljekdigini görkezýär”

562024
"Türk ýaragly güýçleri öz güýjüni gorap saklaýar"

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar Jarablusa guralýan Ýefrat Galkany operasiýasynda Türk ýaragly güýçleriniň öz güýjüni gorap saklaýandygyny görkezendigini aýtdy.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar 30-njy awgust ýeňiş baýramy we türk ýaragly güýçleriniň döredilen güni mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny ýatlatdy.

Akar “Türk ýaragly güýçleri öz güýjüni gorap saklaýandygyny we öz hataryndaky dönüklerden saplanandan soň has güýçli ýagdaýa geljekdigini görkezýär”diýdi.

Türk ýaragly güýçleriniň halkynyň emrindedigini we wezipesini dowam etdirýändigini aýdan Hulusi Akar, Türk ýaragly güýçlerine kanunlardan daşary kimdir biriniň ýada haýsydyr bir toparyň täsirini ýetirip bilmejekdigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar