Türkiýe Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasyny dowam etdirýär

Siriýanyň Jerablus sebitinde alynyp barylýan we 6 gün dolan Ýewfrat galkany terror operasiýasynyň çäginde PKK/PÝD-niň 25 agzasy öldürildi

561121
Türkiýe Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasyny dowam etdirýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Jerablusdaky operasiýa bilen baglanşykly beýanat berdi.

Beýanatda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde Azat Siriýa goşuny tarapyndan Jerablus sebitinde dowam etdirilýän Ýewfrat galkany operasiýasyna gatnaşýan güýçlere garşy od açandygy anyklanan terrorçylara garşy guralan howa hüjümlerinde PKK/PÝD-ä agza 25 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilýär.

Howa hüjümlerinde terrorçylar tarapyndan ulanylandygy anyklanan 5 bina ýok edildi.

Beýleki tarapdan Jerablusda 10, Rai sebitinde bolsa 3 oba terrorçylardan saplanyp, Azat Siriýa goşunynyň gözegçligi astyna geçdi.

Premýer ministrlik Koordinasiýa merkezi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Operasiýanyň çäginde Azat Siriýa goşuny günbatara we günorta tarap süýşip barýar. Jerablus sebitinde Amerina, Aýn Al Baýda, Dabis, Balaban, Suraýsat, Jebel Kussa, Kyrk Magara, Kyrata, Aşagy Amerina we Az Zahiriýah obalary we Rai sebitinde Aýýaşe, Şyh Ýakup we Kersanly obalary terrorçylardan saplandy we Azat Siriýa goşunynyň gözegçiligi astyna geçdi” diýilýär.

Beýanatda operasiýanyň çäginde front liniýasyndaky terrorçylaryň saplanmagynyň we sebite ynsanperwer goldawyň iberilmeginiň dowam edýändigi habar berilýär.

Premýer ministrlik Koordinasiýa merkezi Ýewfrat Galkany operasiýasynyň çäginde asuda ilatyň öldürilýändigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň şol babatda örän duýgurlyk görkezýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar