Türkiýäniň Premýer ministri Pakistanyň Penjap welaýatynyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Premýer ministr Ýyldyrym duşuşykda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň möhümdigini belläp geçdi

560694
Türkiýäniň Premýer ministri Pakistanyň Penjap welaýatynyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Stambulda dünýäniň iň giň köprüsi bolan Ýawuz Soltan Selim köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Stambula gelen Pakistanyň Penjap welaýatynyň Premýer ministri Muhammed Şahbaz Şerif bilen Stambulyň Çengelköý diýilen ýerindäki Wahdettin köşgünde duşuşdy.

Binali Ýyldyrym Muhammed Şahbaz Şerif bilen geçiren duşuşygynda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyna garşy Pakistanyň Türkiýä beren goldawyna sag bolsun aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň öňümizdäki ýyllarda hem dowam etjekdigine ünsi çeken Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrym Penjap welaýatyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň dowam etdiriljekdigini belläp geçdi.

Penjap welaýatynyň Premýer ministri Şahbaz Şerif hem Türkiýäniň ykdysady görkezijileriniň gowydygyny aýdyp, Pakistanyň halkynyň köňlünde aýratyn bir ýeri bolan Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürmek isleýändiklerini habar berdi.

Şerif duşuşykda mundan başgada agdarlyşyk synanyşygynda we terrorçylykly hüjümlerde şehit bolan adamlara rehnet, ýaralananlara bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi we Türkiýä doly ynanýandyklaryny mälim etdi.



Degişli Habarlar