"Türkiýa garşy abanýan howplar ortadan aýrylýança operasiýalar dowam eder”
Ýyldyrym terror guramalarynyň Siriýanyň demirgazygy, Türkiýäniň günortasy hakyndaky maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerini aýtdy
559797
Premýer ministr Binali Ýyldyrym terror guramalarynyň Siriýanyň demirgazygy, Türkiýäniň günortasy hakyndaky maksatlaryna ýetip bilmejekdiklerini aýtdy.
Premýer ministr Ýyldyrym Twitter arkaly beren beýanatynda türk ýaragly güýçleriniň guraýan operasiýasynyň serhetleriň DAIŞ-iň başda durmagynda ähli terror guramalaryndan saplanmagyny maksat edinýändigini nygtady.
Binali Ýyldyrym “Siriýanyň demirgazygyndan Türkiýa garşy abanýan howplar doly ortadan aýrylýança operasiýalar dowam eder” diýip belledi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.