Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan bilen Putin Halaba ynsanperwer kömeginiň berilmagi hakynda hem ylalaşyk gazandy

560023
Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Russiýa Federassiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde Siriýadaky soňky wakalar, Jarablusa guralýan Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde sebitiň howpsyzlygy taýdan DAİŞ-iň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy göreşiň möhümdigine ünsi çekdi.

Erdogan bilen Putin Halaba ynsanperwer kömeginiň berilmagi hakynda hem ylalaşyk gazandy.

Iki lideriň Hytaýda geçiriljek G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 

 

 



Degişli Habarlar