Türk ýaragly güýçleri terrorçylary bombalaýar

Türk ýaragly güýçleri ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň Halap şäheriniň Menbiç etrabynyň demirgazygyndaky ýerlerini bomlaýar

557248
Türk ýaragly güýçleri terrorçylary bombalaýar

Menbiç Siriýanyň strategik taýdan wajyp etraplaryndan biri.

Ýefrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän Menbiç geçen hepde ÝPG terrorçylarynyň gözegçiligine geçipdi.

Terror guramasy DAİŞ-iň Halabyň Jarablus etrabynda ýerleşýän pozisiýalaryna bolsa gaubisalar bilen hüjüm guralýar.

Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabynyň gabadynda ýerleşýän Jarablusdan Türkiýe tarapyna atylýan gülleler adam pidalaryna we ýaralanmalara sebäp bolýardy.


Etiketkalar: #Terror , #operasiýa , #Siriýa

Degişli Habarlar