Premýer ministr derňew işiniň çäginde 40 müň 29 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi

Premýer ministr Ýyldyrym TRT telewideniýesiniň ýörite gepleşiginde soraglar jogap berip, agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly soň maglumatlary paýlaşdy

554259
Premýer ministr derňew işiniň çäginde 40 müň 29 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi
başbakan trt1.jpg

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň agdarlyşyk synanyşygyndan soň başladylan derňew işiniň çäginde aralarynda polisiýa işgärleri, harbylar, kazylar, ýolbaşçylar we asuda ilatdan bolan 40 müň 29 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym TRT telewideniýesiniň ýörite gepleşiginde soraglar jogap berip, agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly soň maglumatlary paýlaşdy.

Göz tussaglygyna alynan 5 müň 187 adamyň işleriniň dowam etdirilýändigini bellän Binali Ýyldyrym, 20 müň 355 adamyň tussag edilendigini, döwlet edaralarynda 79 müň 900 adamyň wezipelerinden çetleşdirilendigini, 5 müň 14 adamyň döwlet edaralaryndan çykarylandygyny mälim etdi.

Ýyldyrym täze kanun hökmünde kararnamada bar bolan gözegçilikli erkinlik düzgünnamasy bilen baglanşykly takmynan 38 müň adamyň şertli ýagdaýda boşaldyljakdygyny belledi.

Bu düzgünnamanyň günägeçişlik bolmandygyna ünsi çeken Ýyldyrym 1-nji iýuldan soň edilen günäleriň ady agzalan düzgünnama degişli bolmajakdygyny habar berdi.

Şertli ýagdaýda boşaldylmagyň düzgünnamasynyň üstünde durup geçen Premýer ministr: “Adam öldürmek, jynsy günäler, hususy durmuşa we durmuşyň gizlinligine garşy edilen jenaýatlar, neşe maddalarynyň öndürijiligini we söwdasyny edenler, döwletiň howpsyzlygyna garşy edilen günäler, konstitutsiýa garşy edilen günäler, milli goranmaga garşy edilen günäler, döwletiň syrlaryna garşy edilen günäler, terror garşy kanuna görä edilen jenaýatlary eden adamlar ady agzalan düzgünnamadan peýdalanyp bilmezler” diýdi.

Ikinji harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy gerek bolan çäreleriň görülendigini bellän Premýer ministr Binali Ýyldyrym: “Bu agdarlyşyk synanyşygyna sebäp bolan onuň baş aktýory terror guramasynyň arabaglanşyklary entek dolulygyna ýüze çykarylmady we olar howp bolmakdan çykarylmady, şolar barada aýdýaryn” diýip belledi.

ABŞ-nyň FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ýurtdan gaçmagynyň öňüni aljak çäreler baradaky beýanatynyň ýatladylmagyna jogap beren Binali Ýyldyrym: “Biziň wagtlaýyn tussag edilmek baradaky talabymyz sebäpli berilen beýanat diýip pikir edýärin. Amerika günä edendigini bilip, subut edilen guramanyň ýolbaşçysyny, terrorçylaryň liderini goramaz. Amerika hem biz ýaly hukuk döwleti. Bular ýaly pikir etmek hem ýalňyş” diýdi.

Wanda polisiýa merkezine PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümiň üstünde durup geçen Premýer ministr: “Näme etseler etsinler, biraz köseneris, emma işiň ahyrynda bularyň hem depderini ýok ederis. Bu diýilenlerden milletimiz arkaýyn bolsun. FETÖ guramasyny nädip çökerden bolsak, bulary hem şolar ýaly çökerderis” diýip mälim etdi.

Binali Ýyldyrym FETÖ-PKK arabaglanşygy bilen baglanşykly soraga bolsa: “Bu syr däl. Gürrüňlerinden, razwedka maglumatlaryndan ýüze çykýar. Agdarlyşyk synanyşygyndan soň jemlenipdirler, ondan soň hem duşuşypdyrlar. Öz aralarynda ençeme ugur boýunça ylalaşypdyrlar” diýdi.

Hökümetiň daşary syýasatynyň hem üstünde durup geçen Premýer ministr Menbiç meselesinde Siriýa Arap Koalisiýasy diýip toparyň bardygyny belläp ABŞ-nyň ol ýerde hiç hili kürt ýaşaýyş ýerlerine rugsat bermejekdigi barada söz berendigini nygtady.

Premýer minisrt meseläniň ýakyndan gözegçilik edilýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar