Tekirdag welaýatynda uçar heläkçiligi boldy

Wakada 2 adam ýogaldy

553754
Tekirdag welaýatynda uçar heläkçiligi boldy

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Çorlu howa menzlinden uçan tälim uçarynyň Ahimehmet obasynyň golaýyna ýere gaçmagy sebäpli 2 adam ýogaldy. Uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy entek bilinenok.  

Ergene etrabynyň gubernatory Fatih Kyzyltoprak ýogalanlaryň biriniň tälimçi, beýlekisiniň bolsa talypdygyny mälim etdi.

Kawakçatagy diýilen ýere gaçan uçarda ýangyn ýüze çykdy, wakanyň bolan ýerine ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglary iberildi.



Degişli Habarlar