Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Estoniýanyň we Sinegalyň daşary işler ministrleri hem-de Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Elmar Barok bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

552600
Çawuşogly telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Çawuşogly telefon söhbetdeşliklerini kärdeşleriniň isleglerine laýyklykda geçirdi.

Çawuşoglynyň Estoniýanyň Daşary işler ministri Marina Kalýurand bilen geçiren söhbetdeşliginde geljekki döwürde guraljak saparlar, Türkiýe-Ýewropa Geňeşi we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary seljerildi. Sinegalyň Daşary işler ministri Mankuer Ndiaýe bilen bolsa özara gatnaşyklar barada pikir alyşyldy.

Mewlüt Çawuşogly Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Elmar Barok bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa Fetullahçy terror guramasy-parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýulda guran hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygy we şondan soň görülen çäreler bilen FETÖ-niň gurluşy barada maglumat berdi.

Çawuşogly bu etapda Ýewropadan Türkiýä edilen ýerliksiz tankytlara nägilelik bildirip, esasanda Ýewropa metbugatynda berilen taraply habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtady.

Söhbetdeşlikde geljekki döwürde guraljak özara saparlar barada pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar