Mardinde 1 polis gullukçysy şehit boldy

Çaknyşykda hem iki terrorçy öldürildi

550437
Mardinde 1 polis gullukçysy şehit boldy

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 polis gullukçysy şehit boldy, 1 polis hem ýaralandy.

Selahaddin Eýýubi etrapçasynda howpsyzlygy üpjün edýän polis gullukçylarynyň sowutly ulagyna terrorçylar tarapyndan ot açyldy.

Açylan ilkinji otda 1 polis gullukçysy şehit boldy, biri hem ýaralandy.

Polisleriň gaýtawul bermegi sebäpli bolan çaknyşykda hem iki terrorçy öldürildi.

Etrapda operasiýalar dowam edýär.

 



Degişli Habarlar