Çawuşoglı “Anadolı” habarlar gullugına beýanat berdi

Daşarı işler ministri Mewlüt Çawuşoglı Siriýada hüjümiň bes edilmegi, ınsanperwer kömek we sıýası çözgüdin tapılmagı barada Russiýa bilen şol bir garaýışa eýediklerini aýtdı “Anadolı” habarlar gullugını

549166
Çawuşoglı “Anadolı” habarlar gullugına beýanat berdi

“Anadolı” habarlar gullugınıň “Redaktorıň stolı” atlı gepleşigine gatnaşan Çawuşoglı hüjümleriň nähili bes edilmelidigi barasında tapawutlı pikirleriň bolup biljekdigini nıgtap: “Biz esasanda asuda ilatıň zıýan çekmegini islemeýäris. Terror guramalarından daşgarı parasatlı oppozisionerlere-de hüjüm guralmagını tassıklamaýarıs. Halabıň gabaw astına alınmagını hem nädogrı hasaplaýarıs” diýdi.

Siriýa meselesinde Russiýa bilen Türkiýäniň daşarı işler ministrlikleriniň, ýaraglı güýçleriniň we howpsızlık gulluklarınıň arasında üçtaraplaýın mehanizmiň dörediljekdigini aýdan ministr Çawuşoglı: “Şu gün agşam Sankt Peterbuga giderler. Milli howpsızlık gullugımızıň başlıgı bilen biziň ministrligimizde we Ýaraglı güýçlerimizden bir wekilimiz giderler. Soň onı has ýokarı derejede, daşarı ministrleriniň gatnaşmagında geçireris” diýdi.

Daşarı işler ministr Çawuşoglı Türkiýe bilen Russiýanıň goranış senagatında hızmatdaşlıgı ösdürmek baradakı kararı hakında bolsa Türkiýäniň şu günki güne çenli NATO agza ýurtlar bilen hızmatdaşlık etmek isländigini nıgtap: “Emma alınan netijeler bizi kanagatlandırmadı. Şol sebäpli biz başga ýolları gözlemegimiz diýseň adatı ýagdaý. Emma onı NATO garşı başlangıç hökmünde görmeýäris. Men hem öz goranış ulgamımı gurmalı we öz tehnologiýamı başga ýurtlar bilen hızmatdaşlık arkalı ösdürmeli. Men öz howpsızlıgımı üpjün etmek üçin tehnologiýamı ösdürmeli” diýdi.

Çawuşoglı “Russiýa bilen gatnaşıklarımızıň geljegini günbatar kesgitlemez” diýdi.

Mewlüt Çawuşoglı 24-nji noýabrda howa giňişligini bozan rus uçarınıň urlup düşürilmegi barada bolsa bu waka gatnaşan uçarmanıň saklanandıgını nıgtap, kazıýetiň meseläni seljerip, analiz etjekdigini aýtdı.

Çawuşoglı Fetullahçı terror guraması-Parallel döwlet ulgamınıň Türkiýäniň diňe bir Russiýa bilen däl, ähli ýurtlar bilen gatnaşıklarını bozmak üçin aç-açan tagalla edendigine ünsi çekdi.

Müsüriň FETÖ bilen ýa-da FETÖ-niň Müsür bilen gatnaşıklarını ösdürmek ugrundakı tagallasını görýändiklerini aýdan Çawuşoglı, emma FETÖ-niň ýolbaşçısı Fetullah Güleniň Müsüre gitjekdigi barada anık maglumatıň ýokdugını nıgtadı.



Degişli Habarlar