PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 oba sakçysy şehit boldy

Gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy

547914
PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 oba sakçysy şehit boldy

Şyrnakda we Adyýamanda PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 oba sakçysy şehit boldy.

Şyrnagyň Uludere etrabynda PKK-ly terrorçylar tarapyndan ýola goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli wagtlaýyn oba sakçysy şehit boldy.

Adyýamanda hem oba sakçysy öýüniň öňünde terrorçylar tarapyndan ýaragly hüjüme sezewar boldy.

Agyr ýaralanan sakçy Adyýaman Ylmy barlag hassahanasynda bejergi astyna alyndy emma halas edilip bilinmedi.

Gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

 



Degişli Habarlar