Stambuldaky Demokratiýa we şehitler mitingi taryhy pursatlara şaýatlyk etdi

Ertiriň erki sagatlaryndan başlap Ýeni meýdanyna gelmäge başlan millionlarça adamyň joşguny Prezident R.T.Erdoganyň gelmegi bilen iň ýokary çägine ýetdi

546982
Stambuldaky Demokratiýa we şehitler mitingi taryhy pursatlara şaýatlyk etdi
demokrasi ve sehitler mitingi3.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi2.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi1.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi1.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi2.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi3.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi1.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi2.jpg
demokrasi ve sehitler mitingi3.jpg

Premýer ministr we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Binali Ýyldyrym, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeliniň meýdany dolduranlar bilen salamlaşan pursatlary raýatlaryň jebislik duýgusyny berçinleşdirdi.

Şehitler üçin hormatly dymyşlyk edilip, döwlet senasynyň ýerine ýetirşmeginden soň Din işleri guramasynyň başlygy Mehmet Görmez 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly synanşyk gijesinde şehit bolan 239 raýat üçin mitinge gatnaşanlar bilen bilelikde dogan etdi.

Mitingde ilkinji bolup Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli çykyş etdi.

“15-nji iýulda täzeden direlişi buşladyňyz” diýen Bahçeli, Türkiýäniň çarpaýa galyşyna, ykbalyna eýe çykyşyna buýsanç bilen şaýatlyk edýändigini aýtdy.

15-nji iýulyň täze basyp alyş synanşygydygyny nygtan Dewlet Bahçeli: “zalymlar imperializmiň oýnatgylary bu gezek türk esgeriniň sypatyna öwrüldiler. Alym we molla görnüşli terrorçy jenaýat guramasyna Türkiýä hüjüm gurama buýrugy berildi” diýdi.

Şol gün tanklaryň öňüne milli wyždanyň çykandygyny nygtan Milletçi hereket partiýasynyň lideri türk milletiniň şol gije gülleleriň üssüne bägül bagyna girýän ýaly ýörändigini nygtady.

Bahçeliden soň çykyş eden Respublikan halk partitasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly başdan geçirilen uly beladan ähli syýasatçylaryň değerli netije çykarmalydygyny nygtady.

Döwrebap, ylalaşyklylygy özleşdiren Türkiýe üçin metjitde, garnizonda we kazyýetde syýasata orun berilmelidigini aýdan Kylyçdarogly, her bir şertde demokratiýa eýe çykmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Ne agdarlyşyk, ne-de dikdatorlyk. Ýaşasyn doly demokratiýa” diýen Respublikan halk partiýasynyň başlygy milletiň ygtyýaryna düşýän kölegeleriň äglisiniň aýrylmalydygyny aýtdy.

Respublikany goramagyň her bir raýatyň borjudygyny nygtan Kemal Kylyçdarogly parlamentar dolanşyk ulgamynyň hasam güýçlendirilmegini isledi.

Kylyçdaroglundan soň münbere Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akar çykdy.

Hulusi Akar 15-nji iýulda Türk ýaragly güýçleriniň içine siňen terrorçy toparynyň watana we millete taryhda görülmedik masgaraçylygy başdan geçirdendiklerini, degişli jogaby ýene-de milletden alandygyny aýtdy.

Şol ganhorlaryň Türk ýaragly güýçleriniň esasy bölegini emele getirýän gahryman agzalaryndan tapawutlandyrylmagyndan teselli tapandygyny nygtan Baş ştabyň başlygy Türk ýaragly güýçleriniň döwletiň buýrugynda we işiniň başyndadygyny nygtady.

Akar sözlerini “ýeňiş demokratiýa ynanlaryňkydyr, siziňkidir” diymek bilen tamamlady.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bolsa çykyşyna meýdany dolduran ähli syýasy partiýalaryň başlyklaryna we tarapdarlaryna salam bermek bilen başlady.

“81 şäher bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda bu mitinge tomaşa edýänlere ýalkymly salam” diýen Binali Ýyldyrym, 15-nji iýulyň Türk milletinin 2-nji azat edijilik söweşidigini nygtady.

“Bu millet ýeriň ýüzünde biabraýlyk bilen ýaşamagyň ýerine ýeriň aşagynda abraý bilen ýaşamagy saýlap aldy” diýen Premýer ministr, ekstremist terror guramasy PKK-nyň hem raýatlaryň arasynda ýigrenç tohumyny ekmegine mundan beýläk ýol berilmejekdigini aýtdy.

Ýyldyrym “FETÖ-niň ýolbaşçysy Türkiýä geler we bu dönükligiň hasabyny berer” diýdi.

Mejlisiň Başlygy İsmail Kahraman bolsa çykyşynda hyýanatçylykly synanşygyň guralan güni bolan 15-nji iýul gijesinde Mejlisiň açyk bolandygyny we işini dowam etdirendigini ýatlatdy.

Huntajylaryň şol gije Mejlisi bombalandygyny aýdan Kahraman, onuň milletiň ýüreginiň bombalanmagy manysyny aňladýandygyny nygtady.

Emma gaýduwsyz we batyrgaý milletiň şol hyýanatçylykly synanşygy basyp ýatyrandygyny beýan eden İsmail Kahraman agdarlyşyklar taryhynyň mundan beýläk ýapylandygyna ünsi çekdi.

Umydyny Türkiýä baglan köňül geografiýasynyň bardygyna ünsi çeken Mejlisiň Başlygy “Millet döwletsiz, döwlet goşunsyz bolmaz” diýdi.



Degişli Habarlar