" NATO-nyň çäginde ýaragly güýçleriniň düzümi üýtgediler"

Fikri Yşyk Britaniýanyň Roýter habarlar gullugyna beýanat berdi

546204
" NATO-nyň çäginde ýaragly güýçleriniň düzümi üýtgediler"

Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň NATO-nyň çäginde ýaragly güýçleriniň düzüminiň üýtgediljekdigini nygtady.

Fikri Yşyk Britaniýanyň Roýter habarlar gullugyna beren beýanatynda täze agdarlyşyk synanşygynyň bolmagy ähtimallygyny ortadan aýyrmagy maksat edinýändiklerini nygtady.

Ministr Yşyk “Demokratiýa laýyklykda käbir kanuny üýtgetmeler edilýär. Türkiýede hiç kimiň meniň elimde ýarag bar diýip agdarlyşyga synanşmazlygy üçin kanuny üýtgemeler edilýär” diýdi.

Fikri Yşyk agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly 9-y general jemi 288 esgeriň heniz tussag edilip bilinmändigini aýratyn belledi.

Terrora garşy göreşiň hem tutanýerlilik bilen dowam edýändigini aýdan Milli Goranmak ministri  İnjirlik harby bazasynda iş alyp barýan ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň Siriýada DAEŞ-e degişli ýerleri nyşana alýandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar