“PKK, PÝD/ÝPG, DAİŞ we FETÖ bilelikde hereket edýär”

Prezident Erdoganyň Meksikanyň “Telewisia” teleýaýlymyna beren interwýusynyň ikinji bölümi efire berildi

544531
“PKK, PÝD/ÝPG, DAİŞ we FETÖ bilelikde hereket edýär”

Prezident R.T.Erdogan interwýuda Fetullahçy terror guramasynyň, ekstremist terror guramasy PKK we onuň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG bilen DAİŞ-iň biri-birlerini aýlawly görnüşde birnäçe ugurda tamamlaýandygyny aýtdy.

Biri-birini tamamlaýan terror guramalarynyň Türkiýä garşy bilelikde hereket etme ukybynyň bardygyny nygtan Erdogan, şol terror guramalarynyň hamala diýersiňiz jogapkärçilikleri bölüşen ýaly hereket edýändiklerine ünsi çekdi.

FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda başdan geçirilenleri jikme-jik gürrüň beren Erdogan, 4 teleýaýlym arkaly türk halkyna ýüzlenip, olary meýdanlara çagyrandygyny aýtdy.

Halkyň diýseň buýsançly görnüşde demokratiýa ugrunda göreşendigini aýdan Prezident: “Men halkyma buýsanýaryn, halkymyň bu pozisiýasynyň öňünde hormat bilen baş egýärin” diýdi.

Erdogan, agdarlyşyk synanşygynyň terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygy baradaky soraga: FETÖ-niň, PKK-nyň, PÝD/ÝPG-niň we DAİŞ-iň hamala diýersiňiz jogapkärçilikleri bölüşen ýaly hereket edýändiklerini, ony birnäçe ugurda görendiklerini we guramalaryň beýanatlaryndan muňa göz ýetirmegiň mümkindigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama gönüden göni özüniň terror guramasy PÝD-ä ýarag kömegini bermezlikleri barada çagyryş edendigini nygtan Erdogan: “Kobana ýarag kömegini bermän, beren ýaragyňyzy ýarysy PÝD-ä ýa-da ÝPG-ä gidýän bolsa, ýarysy DAİŞ-e gider” diýendigini aýtdy.

Erdogan: “Olar göýä biri-birine garşy durýan ýaly görkezilýär. Şeýlelikde ýaraglaryň ýarysy DAİŞ-e, ýarysy ÝPG-ä gitdi, PÝD-ä gitdi. Bulary biz beýan etdik” diýip nygtady.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşdäki ygrarly pozisiýasynyň terror guramalaryna agyr zarba urandygyny, şol guramalara garşy erjellik bilen göreşilmäge dowam ediljekdigini nygtan Erdogan, terror guramalarynyň arasynda tapawut goýmagyň mümkin bolmandygyny, olaryň ählisini näletleýändiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň 1999-njy ýylda Amerika baryp, Pensiliwaniýada 400 gekdarlyk ýerde ornaşandygyny ýatlatdy.

Güleniň yzyna berilmegi bilen bagly resminamalary elektronik şertlerde ugradandyklaryny, hat-da Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyynň, Adalat ministri Bekir Bozdagyň we ýörite wekilleriň hem mesele boýunça ABŞ-na gitjekdiklerini gürrüň beren Erdogan: “Çünki bu iş biziň üçin iňňän möhüm mesele” diýdi.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň netijesinde 237 adamyň şehit şehit bolandygyny we 2191 adamyň ýaralanandygyny beýan eden Erdogan: “Bu agyr netije hemmelere mälimkä, Türkiýäniň Mejlisi, Prezident Komleksi, Ministrler kabineti, İçeri işler müdirligimiziň binasy, Ýörite polis güýçlerimiziň binasy bombalandy we ol ýerde biziň 52 polisimiz şehit boldy. Entegem bize “Näme üçin adatdan daşary ýagdaý yglan etdiňiz?” diýip soraýar. Haçan yglan edeli adatdan daşary ýagdaýy? Türkiýe dargandandan soňmy? Beýle zat bolarmy? Bu Türkiýäniň içerki meselesidir, öz kararymyzy özümizi bereris. Fransiýa näme etdi? Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetine ýüz tutdy. Ýalňyşmaýan bolsam 15-nji madda bolmaly. 15-nji madda görä oňa ýüz tutdy we olaram Fransiýanyň islegini ýerinde diýip hasapladylar. Şoňa görä-de çözgüt kabul etdiler. Türkiýäniň gelen netijesi hem şundan ybarat” diýdi.

Günbatar ýurtlarynyň iki standartlylygyny tankyt eden Edogan: “Fransiýada 5-10 adam terror guramalary tarapyndan öldürilende müňlerçe adamy, halkara jemgyýetçiliginde syýasatçylary çagyryp Parižiň köçelerinde ýöretdiler. İne menem soraýaryn, bize edilen käbir telefonlarda: “geçdigi bolsun”, “gynandyk”, “demokratiýa göreşinde sizi goldaýarys” diýýärler” diýdi.

Bu çemeleşmeleri içgin we dogruçyl hasaplamaýandygyny aýdan Prezident Erdogan: “Bu kinaýamy dünýäniň demokratik kinaýa hökmünde kabul etmegini haýyş edýärin” diýdi.

Siriýadaky soňky wakalar barada-da garaýyş beýan eden Erdogan, ýurtda dolanşyk ulgamyna we terror guramalaryna garşy göreşilýändigini, DAİŞ-e garşy durýanlaryň “gowy terror guramasy” hökmünde häsýetlendirilmeli däldigini nygtap: “İne şonuň üçin geliň dünýäde terroryň we terrorçynyň kesgitlemesini ýaňadandan seljereliň. Eger şeýle bolan halatynda bilelikde göreşmek üçin şert döretdigimiz bolar. Emma häzirki wagtda şeýle umumy göreş şerti gynansagam ýok we onuň hötdesinden gelip bilmedik” diýdi.

Al Nusranyň Al Kaýdadan aýrylandygyna ünsi çeken Erdogan, onuň ýörite seljerilmeli meselesidigini nygtady. Prezident Erdogan halkara jemgyýetçiligini terror guramalarynyň bela-beterinden halas bolmak üçin şol guramalaryň ählisine garşy göreşmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar