FETÖ/PDÝ-niň PKK, PÝD we DAEŞ ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýüze çykmaga başlady

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdoganyň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň aýralykçy PKK, Siriýadaky goly PÝD we DAEŞ ýaly terror guramalary bilen edýän hyzmatdaşlygynyň ýüze çykmaga başlandygyny mälim etdi

545211
FETÖ/PDÝ-niň PKK, PÝD we DAEŞ ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýüze çykmaga başlady

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyny we ondan soň bolan wakalar barada TRT-de beýanat berdi.
R.T.Erdogan wakany gıvewsınden öwrenendigini, ondan soň halka meýdanlara we köçelere çykmaklary barada çagyryş berendigini we meýiliň gysga wagt soň tersine öwrülendigini habar berdi. Erdogan agdarlyşykçylaryň F-16-lar tarapyndan nyşana alynmak islenen howply Stambul ýolagçylygyna çykandygyny mälim etdi.

Prezident bu etapda şol wagt ýanynda bolan aýalynyň, gyzynyň we giýewsiniň özlerini mert alyp barandygyny, diňe ýaşlary örän kiçi bolandygy üçin agtyklaryny wagtal-wagtal köşeşdirendigini belledi.

2010-njy ýylda bäri Fetullahçy terror guramasynyň nähili derejede uludygyny, özlerinden başga adamlara ýaşamak üçin mümkiçilik bermeýändiklerini aýdan Erdogan 15-nji iýulda agdarlyşyk synanyşy barada habar alanyndan soň günäkärleriniň şol guramanyň agzalarydygyny göni bilendigini nygtady.

Prezident Erdogan bu guramanyň agzalarynyň Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden we döwletiň beýleki guramalaryndan saplanmaga başlanandygyny belläp, hukuka ters hereket etmejekdiklerini, emma hiçisine rehimlilik edilmejekdigini ýogsam şehitlere we şikes ýetenlere hyýanat edilen ýaly boljakdygyny aýtdy.

FETÖ-ni ragyň öýjüklerine meňzeden R.T.Erdogan howpy doly ýagdaýda aýyrmak üçin şol ragyň öýjükleriniň dolulugyna aýrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident 15-nji iýulda meýdanlara eýe çykan, janlaryny gaýgyrman şehit bolan raýatlaryň maşgalalarynyň ýaýlym wagty iberen hatlaryny göz ýaşlary bilen diňledi.

Erdogan Günbatar ýurtlaryň hiç biriniň entek gelip bu ýerde näme bolandygyny görmändigini ýatladyp: "Bu ýurdy özüňize görä ugrukdyryp bilmersiňiz, bölüp bilmersiňiz, böleklere aýyryp bilmersiňiz. Milli ygtyýary duzduryp bilmersiňiz" diýdi.

Günbataryň Türkiýäniň güýçlenmegini, özüne ýeterlik derejede bolmagyny islemeýändigini aýdyp, bular ýaly etapda özüne jaň edenleriň 15-nji iýuldaky 239 şehit barada durup geçmän, göz tussaglylar we wezipeden çetleşdirilenler barada alada bildirmeklerine berk reaksiýa görkezdi.

2023-nji ýyla ynamly ädimler bilen barmaklaryny dowam etdirjekdiklerini bellän Erdogan ykdysadyýetde, maliýede we bazarlarda hiç hili çykgynsyzlygyň ýokdugyny habar berdi.

Guramanyň beýleki 170 ýurtdaky mekdepleriniň ýapylmaga başlanandygyny ýatladan Türkiýäniň Prezidenti: Çäre görmeseler olaryň hem başyna bela bolar diýip duýdurdy.

FETÖ-niň lideriniň Türkiýä yzyna berilmegi üçin öňümizdäki günlerde ABŞ-na saparlaryň guraljakdygyny aýdan Erdogan şu günki güne çenli ABŞ-nyň özlerinden terrorçy islän wagtlary delil soralman haýyşyň ýerine ýetirilendigini, resmi Waşingtonyň bu etaby uzaltmasyny islemeýändigini belledi.

Terror guramanyň ýolbaşçysynyň gaçmak ähtimallygynyň üstünde durup geçen Erdogan: Bu eýýäm ABŞ-nyň jogapkärçiligidir. Bular ýaly ýagdaýy nädip düşündirerler diýdi.

Türkiýede ýakynda bolup geçen ähli wakalaryň jogapkärçiligini FETÖ degişli etmegiň nädogrydygyny bellän Prezident R.T. Erdogan: "Bu hyýanatçyny bu derejede ulaltmaly, onuň ol derejede hem akyly ýok" diýdi.  

TRT-de 9-njy awgustda Russiýa gurajak sapary barada hem durup geçen Prezident saparyň 24-nji noýabrdaky uçar krizisinden soň başlan krizisiň hötdesinden gelmek taýdan wajypdygyny mälim etdi. Erdogan rus lider Wladmir Putin bilen geçirjek duşuşygynyň esasy meseleleriniň biriniň hem Siriýa krizisi boljakdygyny nygtady.


Etiketkalar: #Erdogan , #FETÖ , #PÝD , #TRT

Degişli Habarlar