Erdogan: “Pespällik häsýet meselesidir”

Prezident Erdogan Fetullahçy terror guramasynyň tarapdarlarynyň sosial media arkaly edýän “14-nji avgusta garaşyň” görnüşli abaý-syýasatyna berk reaksiýa görkezdi

544862
Erdogan: “Pespällik häsýet meselesidir”

Erdogan: “Pespällik häsýet meselesidir.wagtynyňwe ýeriniň çägi bolmaz. Adamkärçiligiňiz bolmasa ýylyň 365 gününde-de hyýanat edip bilersiňiz” diýdi.

Erdogan Sövda birleşmeleriniňwe biržalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi.

Duşuşykda çykyş eden Erdogan: “Bular ganhor, pespäl, misginsokar, ogry, dönük, oýnatgy, allanyň buýruklaryny berjaý etmeýän fasykdyr” diýdiwe sözlerini: “ädýän her bir ädimleri olary içine düşen fosseptiki çukurda aşak çekýär” diýip, dovam etdirdi.

Prezident 93 ýyllyk respublika taryhynda 2 agdarlyşyga, köp sanly agdarlyşyk synanşygyna, ASALA-dan PKK, DHKP-J-den DAİŞ-e köp sany hyýanatçylyga duçar bolan Türkiýäniň her bir jemgyýetiň aýry-aýry başdan geçiren kynçyklarynyň ählisini ýekelikde çekmeli bolandygyny aýtdy.

Her pursatda bir milet, birwatan, bir baýdak, bir dövlet şygaryna ünsi çekendigini ýatladan Erdogan, FETÖ-niň agzalarynyň bolsa beýle derdiniň bolmandygyny, 160 ýurda ornaşyp, olaryň ählisiniwatan kabul edendiklerini, diňe bir dini taýdan däl, eýsem milli taýdan-da ýoldan çykandyklaryny nygtady.

Erdogan: “15-nji iýul bu milleti baýdaksyz,watansyz, dövletsiz goýma synanşygy” diýdi.

Bu guramanyň her bir mekdebiniň, her bir kursunyň, her bir öýüniň terror öýjügidigini, firmalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, gaznalarynyň terror düzümidigini beýan eden Prezident Erdogan bulara berilen her bir teňňäniň halka atyljak gülledigini nygtady.

Erdogan: “Şuny hemmeler kabul etmeli, bular ganhor. Ellerinde bigünä adamlaryň gany bar. Gadyrbilmezdir, ikiýüzlilik olaryň häsýetine övrülipdir. Misginsokardyr, her bir sözüniň aňyrsynda başga niýet bar. Ogrydyr, synaglaryň soraglaryny ogurlap, galpwezipeleri eýeläp millionlarça adamyň geljegini ogurladylar” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #pespällik , #mesele , #taryh

Degişli Habarlar