TBMM-de agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly Derňew komissiýasy döredildi

Karar resmi gazetde çap edildi

543075
TBMM-de agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly Derňew komissiýasy döredildi

Türkiýäniň Beýik millet mejlisinde Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyny derňejek Derňew komissiýasynyň döredilmegi bilen baglanşykly karar resmi gazetde çap edildi.

Karara görä topar FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanyşygyny we guramanyň beýleki hereketlerini köptaraplaýyn ýagdaýda derňäp, gerek bolan çäreleriň görülmegi üçin görkezme taýarlar. Täze döredilen komissiýa 15 agzadan ybarat bolar.

Toparyň iş möhledi başlyk, başlygyň orunbasary, metbugat geňeşçisi we kätip agzalary wezipelerini saýlananyndan soň 3 aý dowam etdirerler. Komissiýa gerek bolan halatynda Ankaranyň daşynda hem derňew işini geçirip biler.



Degişli Habarlar