Prezident 3 syýasy partiýanyň liderini mitinge çagyrdy…

Bu barasyndaky çakylyk haty syýasy partiýalar ugradyldy

542884
Prezident 3 syýasy partiýanyň liderini mitinge çagyrdy…

Prezident Erdogan Adalat we öüş partiýasynyň başlygy Binali Ýyldyryma, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyna we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bähçelä 7-nji awgustda Stambulyň Ýenikapy meýdanynda geçiriljek “Demokratiýa we şehitler mitingine” gatnaşyp, çykyş etmekleri üçin çakylyk hatyny ugratdy.

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysy Fahri Kasyrganyň goly bilen Adalat we ösüş partiýasynyň baş sekretary Abdulhamit Güle, Respublikan halk partiýasynyň baş sekretary Kamil Okýaý Şandyr bilen Milletçi hereket partiýasynyň baş sekretary İsmet Büýükatamana üç partiýanyň başlyklarynyň Ýenikapyda geçiriljek “Demokratiýa we şehitler mitingine” gatnaşyp, çykyş etmekleri üçin çakylyk haty ugradyldy.

Çakylyk hatynda Türk ýaragly güýçleriniň içine siňen Fetullahçy terror guramasyna agza, harby egin-eşik geýinen terrorçy toparynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýul gijesi başladan agdarlyşyk synanşygynyň milletiň batyrgaý we ygrarly göreşi netijesinde derbi-dagyn edilendigi nygtalyp: “Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, ähli öwüşgünlikleriniň, ýurduny we milletiniň geljegini goramak üçin jebisleşmegiň simwolyna öwrülen 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynda we ondan soň Hormatly Başlygyňyzdan agzalaryňyza çenli partiýaňyzyň ähli agzalarynyň demokratiýa, azatlyklar we hukuk döwleti üçin eýelän güýçli pozisiýasy ähli zatdan ýokardadyr.

Milletimiz Hormatly Prezidentimiziň çagyryşyna laýyklykda şol gijeden bäri köçelerden gaýtmady we dünýäde deňi-taýy bolmadyk demokratiýa nobatyny başlatdylar.

Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, ähli meýdanlarynda dowam edýän demorkatiýa nobatlary 2016-njy ýylyň 7-nji awgustynda Stambulyň Ýenikapy meýdanynda sagat 18:00-da geçiriljek “Demokratiýa we şehitler mitingi” bilen tamamlanar” diýilýär.

 Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysy Fahri Kasyrga hatynyň soňky bölüminde ähli raýatlary mitinge gatnaşmaga çagyrýan Erdoganyň, partiýalaryň başlyklaryny hem “Demokratiýa we şehitler mitingine” gatnaşyp, çykyş etmekleri üçin çagyrýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar