Türk halky demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Ýüz müňlerçe adam meýdanlarda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

538406
Türk halky demokratiýa nobatyny dowam etdirýär
fetö'nün darbe girişimine tepkiler, Kısıklı.jpg

Ankaralylar demokratiýa nobatynyň 12-nji gününde hem Gyzylaý meýdanyny doldurdy.

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Mehmet Özhaseki bilen Galkynyş ministri Lütfü Elwan hem ankaralylar bilen demokratiýa nobatyny dowam etdirdi.

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Mehmet Özhaseki halka ýüzlenip eden çykyşynda “Sarsgynlar dowam edip biler. Şol sarsgynlar geçýänçä demokratiýa nobatymyzy dowam etdireris” diýdi.

      Galkynyş ministri Lütfü Elwan hem Fetullahçy terror guramasy-paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ bilen hyzmatdaşlyk eden her bir adamdan hasap sorajakdyklaryny aýtdy.

Prezident kompleksiniň öňünde hem halk joşgunly ýagdaýda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Prezident kompleksindäki Millet metjidiniň öňünde halkyň duýgularyny we düşünjelerini ýazmagy üçin ýatlama depderi goýuldy.

Depderdaki setirlerde halkyň Prezident R. T. Erdogana we watana bolan söýgüsi beýan edilýär.

Etrap häkimlikleri bilen firmalar hem demokratiýa nobatyny dowam etdirýänlere yzygiderli nahar we çaý hödürleýär.

Stambulda hem ýüz müňlerçe adam meýdanlarda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Taksim meýdanynda jemlenşen halk demokratiýa ýüzlenmelerini berdi.

Stambullylar Prezident R. T. Erdoganyň Kysyklydaky öýüniň öňünde demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Meýdanda jemlenşen raýatlar demokratiýa şehitlerini ýatdan çykarmady.

Prezident R. T. Erdoganyň gyzy Sümeýýe Baýrakdar bilen giýewsi Selçuk Baýraktar halka ýüzlenip çykyş etdi.

 



Degişli Habarlar