Daşary işler ministri ABŞ-na gurajak sapary barada beýanat berdi

DİM Mewlüt Çawuşogly Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fethullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi üçin ABŞ-na gurajak sapary barada maglumat berdi

537410
Daşary işler ministri ABŞ-na gurajak sapary barada beýanat berdi

Çawuşogly ABŞ-na delilleri öz içine alýan delo bilen hem hukuky hem-de syýasy gepleşikler geçirmek üçin Adalat ministri Bekir Bozdag bilen bilelikde gitjekdiklerini aýtdy.

Türkiýäniň talabynyň diýseň açykdygyny nygtan ministr Çawuşogly, Güleniň Türkiýä gaýtarylyp berilmegini isleýändiklerini aýtdy.

Türkiýäniň islegine häziri wagta çenli Amerikan hökümetinden jogap almandyklaryny aýdan Çawuşogly, terror guramasynyň ýolbaşçysynyň gaçma synanşyp biljekdigini aýtdy.

Amerikaly ýolbaşçylaryň Güleniň ýurtdan gaçmazlygy üçin degişli çäreleri görmegine garaşýandyklaryny nygtan ministr Çawuşogly, şeýle ýaramaz ssenari barada pikirem etmek islemeýändigini mälim etdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly ABŞ Güleni yzyna bermän halatynda bolsa iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetjekdigini nygtady.

Degişli Habarlar