Erdogan, Ýyldyrymy, Kylyçdarogluny we Bahçelini kabul etdi

Prezident R.T.Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň, Respublikan halk partiýasynyň we Milletçi hereket partiýasynyň liderlerini Prezidentiň kompleksinde kabul etdi

537359
Erdogan, Ýyldyrymy, Kylyçdarogluny we Bahçelini kabul etdi
erdoğan zirve 2.jpg
erdoğan zirve 1.jpg

Partiýalaryň başlyklarynyň Prezident Erdogan bilen geçiren duşuşygy 2 sagat 40 minut dowam etdi.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn duşuşykda liderlere hyýanatçylykly synanşygyň guralan gijesinde başdan geçirilenler barada maglumat berilendigini nygtap, şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin görülen çäreleriň seljerilendigini aýtdy.

Kalyn Prezident Erdoganyň liderlere 15-nji iýulda eýelän pozisiýalary mynasybetli sagbolsun aýdandygyny nygtap, adatdan daşary ýagdaý dolanşygy we şol çäkde dowam edýän derňew işlerinde hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtandygyny aýtdy.

İbrahim Kalyn syýasy dialog üçin ylalaşylandygyny nygtady.

Respublikan halk partiýasynyň ýolbaşçylary bolsa taryhy duşuşykdan soň beren beýanatynda; “Syýasatyň kadalaşyş tapgyryna goşant goşjak netijeli duşuşyk boldy” diýdiler.

Prezident diwanynyň iş dolandyryjysy Fahri Kasyrga partiýalaryň ýolbaşçylaryna düýn ugradan hatynda Türkiýäniň 15-nji iýulda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyna agza, harby egin-eşikli terrorçy topary tarapyndan guralan ýaragly agdarlyşyk synanşygyna sezewar bolandygyny ýatladyp: “Şol çäkde Hormatly Prezidentimiz ýekşenbe güni sagat 14:00-da Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly,Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy hormatly Binali Ýyldyrymy hem agdarlyşyk synanşygyna garşy egilşiksiz pozisiýasy sebäpli sagbolsun aýtmak, hem-de soňky wakalary seljerip, tekliplerini diňlemek üçin Beştepe Prezident kompleksine çagyrýar” diýipdi.

 



Degişli Habarlar