"Adatdan daşary ýagdaý döwlet mehanizminiň kadaly we çalt işlemegini maksat edinýär

“Karar raýatlarymyzyň gündelik durmuşyna asla ýaramaz täsirini ýetirmez. Hiç kim aladalanmasyn”

534009
"Adatdan daşary ýagdaý döwlet mehanizminiň kadaly we çalt işlemegini maksat edinýär

Premýer ministr Binaýly Ýyldyrym adatdan daşary ýagdaýyň döwlet mehanizminiň kadaly we çalt işlemegini maksat edinýändigini nygtady.

Premýer ministr Ýyldyrym Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan beýan edilen adatdan daşary ýagdaý karary hakynda maglumat berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Alynan karar halkymyzyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirmez. Kararyň esasy maksady demokratiýany has güýçlendirmek, döwlet mehanizminiň kadaly we çalt işlemegini üpjün etmektir. Köçä çykyň we synanşygyň öňüni alyň diýip beren çagyrymyza berlen jogap harby agdarlyşyk synanşygynyň öňüniň alynmagynda esasy güýjümiz boldy” diýip belledi.

Adatdan daşary ýagdaý hakynda beýanat beren Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmyş hem “paralel ulgama garşy göreş üçin hökümet kanun hökmündäki kararnama ulamyndan peýdalanyp biler” diýdi.

Adatdan daşary ýagdaýyň paralel ulgama garşy göreş taýdan möhümdigini aýdan Wise-premýer Kurtulmuş “Mejlisiň adaty kanun çyakryş ýyly dowam eder”diýdi.

İçeri işler ministr Efkan Ala hem “karar raýatlarymyzyň gündelik durmuşyna asla ýaramaz täsirini ýetirmez. Hiç kim aladalanmasyn” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşgoly hem “Adatdan daşary ýagdaý Ýewropa we dünýäde durmuşa geçirilýän ulgamdyr. Türkiýäniň howpsyzlygy we demokratiýasy üçin şeýle karar kabul edildi” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar