FTG-na agza kazylara we prokurorlara garşy operasiýalar geçirilýär

Yzyna serpikdirilen harby agdarlyşyk synanyşygyndan soň Fetullahçy terror guramasyna agza kazylara we prokurorlara garşy geçirilýän operasiýalar şu gün hem dowam etdirilýär

531588
FTG-na agza kazylara we prokurorlara garşy operasiýalar geçirilýär

Kazylaryň we prokurorlaryň ýokary geňeşi Ýokary kazyýetiň 80 agzasynyň göz tussaglygyna alynmagy barada karar kabul etdi.

Şübhe astynda bolanlaryň 30-sy göz tussaglygyna alyndy.

Ankaranyň Içeri işler müdürliginde tussaglykda saklanýan şübhe astynda bolanlaryň 2-si Konstitutsion kazyýetiň, 4-si Kazylaryň we prokurorlaryň ýokary geňeşiniň, 6-sy Ýokary kazyýetiň we 18-i Ýokary geňeşiň agzasy.

Ençeme welaýatda geçirilen operasiýada göz tussaglygyna alynan 100-den gowrak kazynyň we prokuroryň 83-i tussag edildi.

22 kaza we prokurora daşary ýurda çykmak gadagançylygy getirilen bolsa, 1 kazy gözegçilik astynda bolmak şerti bilen goýberildi.

88 kazynyň we prokuroryň göz tussaglygy baradaky karar ýola goýulmaga başlandy.

Şübhe astynda bolan kazylaryň we prokurorlaryň 42-si göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar