"Synanşygyň haýsy tapgyryna gelinendigine garamazdan şu gün agşam köçelerde galmaga dowam edeliň"

“Raýatlarymyzyň köçä çykmaklaryny isleýärin”

530455
"Synanşygyň haýsy tapgyryna gelinendigine garamazdan şu gün agşam köçelerde galmaga dowam edeliň"
başbakan video cumhurbaşkanlığı sosyal medya açıklama 1.jpg

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasynyň harby hökümet agdarlyşygyny etmäge synanşandygyny we synanşyk bilen arabaglanşykly göz astyna alynşyklaryň dowam edýändigini nygtady we halkyň meýdanlarda galmaga dowam etmegini isledi.

Premýer ministr Ýyldyrym Twitter arkaly beren wideo ýüzlenmesinde “Raýatlarymyzyň köçä çykmaklaryny isleýärin”diýdi.

Wideo ýüzlenmesinde raýatlara ýüzlenen Ýyldyrym şeýle diýdi: “Göz astyna alynşyklar dowam edýär. Raýatlarymyň waka doly tamamlanýança köçelerde meýdanlara galmaklaryny, Ankara we Stambul şäherleriniň başda durmagynda halkyň meýdanlarda bir ýere jemlenişmeklerini isleýärin. İnşalla bu ganhorlary, terror guramasynyň agzalaryny doly ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getireris” .

Beýleki tarapdan Prezident R. T. Erdogan harby hökümet agdarlyşygyny etmäge synanşanlar hakynda sosial media arkaly beýanat berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda “Synanşygyň haýsy tapgyryna gelinendigine garamazdan şu gün agşam köçelerde galmaga dowam edeliň. Her pursatda täze waka başdan geçirlip bilner” diýdi.

 



Degişli Habarlar