Şimşek: “İň depginli ösýän ýurt Türkiýe”

Wise-premýer Mehmet Şimşek OEJD-ä agza ýurtlaryň hatarynda iň depginli ösýän ýurtduň Türkiýedigini aýtdy

530071
Şimşek: “İň depginli ösýän ýurt Türkiýe”

Şimşek OEJD-niň baş Sekretary Angel Gurria bilen Gaziantepde “2016 OEJD Türkiýe ykdysady seljeriş habarnamasynyň” tanyşdyrlyş maslahatyny geçirdi.

Mehmet Şimşek soňky 6 ýylda 5,2 göterim bilen Türkiýäniň OEJD-ä girýän ýurtlaryň gatarynda iň ýokary depginli ösen ýurt derejesine eýe bolandygyny aýtdy.

Çykyşynda Türkiýäniň ykdysady durnuklylygy barada durup geçen Wise-premýer Şimşek: “Ykdysadyýetde başdan geçirilýän oňyn atmosferanyň dowam etmegi üçin düýpli özgertmeler geçirilmeli. Meseläniň düýbünden çözülmegi üçin tagalla edilmeli” diýdi.



Degişli Habarlar