Türkiýäniň harby uçarlary Mirgesawda we Daglyjada operasiýa gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlar aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy Mirgesaw we Daglyja sebitlerinde howa operasiýasyny gurady

526388
Türkiýäniň harby uçarlary Mirgesawda we Daglyjada operasiýa gurady

Harby uçarlar alan maglumatynyň esasynda ozaldan anyklanan 7 aýry ýeri nyşana alyp howa hüjümi gurady.

Berilen wezipäni üstünlikli ýagdaýda tamamlan harby uçarlar howpsyz ýagdaýda howa bazalaryna gaýdyp geldiler.

Beýleki tarapdan Siriýanyň demirgazygyndaky Baragitah, Tel Ahmar we Şabaniýe sebitlerinde Türkiýä hüjüm guramak üçin taýarlyk görülen terror guramasy DAEŞ-e degişli bolan ýaragly pozisiýalara garşy gaubisalar bilen ot açyldy.

Gaubisalar we hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary tarapynda guralan hüjümlerde bellenen ýerler nyşana alyndy, DAEŞ-e agza 8 terrorçy öldürildi we ştab hökmünde ulanylan bir bina hem dolulygyna ýok edildi.



Degişli Habarlar