Premýer ministr Ýyldyrym Barzani we Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Neçirwan Barzani we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

525984
Premýer ministr Ýyldyrym Barzani we Borisow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ýyldyrym DAEŞ we PKK başda bolmak bilen Türkiýäniň we Yragyň asudalygyny nyşana alan terror guramalary bilen göreşde hyzmatdaşlyk edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Barzani bolsa Premýer ministr Ýyldyrymy Oraza baýramy bilen gutlady we Stambulyň Atatürk howa menzilinde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

Barzani Türkiýäniň Yragyň Kürt Awtonomiýasyna şu günki güne çenli beren goldawy sebäpli sag bolsun aýdyp, terrora garşy göreşde Türkiýe bilen dolulygyny hyzmatdaşlyk içindediklerini belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym we Barzani ykdysadyýet, söwda we energetika başda bolmak bilen ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilelikde tagalla etmek we diýaloglary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Türkiýäniň Premýer ministri Ýyldyrymyň Bolgariýanyň Premýer ministri Borisow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň gün tertibinde Bolgariýadaky türkler bardy.

Ýyldyrym kowumdaşlarynyň hukuklarynyň we asudalygynyň goralmagy meselesinde Bolgariýanyň hökümetiniň oňaýly pozisiýasynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitjekdigini nygtady.

Premýer ministr Borisow hem bu meselede elinden gelenini etjekdiklerini beýan etdi.

Borisow Atatürk howa menzilinde guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirip, Bolgariýanyň terror garşy göreş babatynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk içindedigini mälim etdi.



Degişli Habarlar