Erdogan ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşlikleri Oraza baýramçylygy mynasybetli geçirildi

525220
Erdogan ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Oraza baýramçylygy mynasybetli Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Nigeriýanyň döwlet ýolbaşçysy Buhari, Indoneziýanyň Prezidenti Widodo we Hamasyň syýasy ýolbaşçysy Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident diwanyndan alynan maglumata görä telefon söhbetdeşlikleri Oraza baýramçylygy mynasybetli geçirildi.

Prezident Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi dogulan güni bilen gutlady we gazak lideriniň awgust aýynda Türkiýä gurajak sapary barada pikir alyşdy.

Stambulda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaran Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani terrora garşy göreşde halkara derejede hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Halid Meşal bolsa dik uçar heläkçiliginde ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar