“Günbatar PKK-a goldaw berse, PKK olara hem zeper ýetirip biler”

Türkiýäniň Premýer ministri Binaly Ýyldyrym Günbatar ýurtlaryň terror guramasy PKK goldaw beren halatynda, PKK-nyň olara hem zeper ýetirip biljekdigini belledi

524557
“Günbatar PKK-a goldaw berse, PKK olara hem zeper ýetirip biler”

Premýer ministr Ýyldyrym Izmir şäherinde Adalat we ösüş partiýasynyň baýram dabarasynda eden çykyşynda: “Baýramlar doganlyk diýmekdir” diýdi.

Binaly Ýyldyrym Türkiýäniň güýçli ýagdaýda bolmagy üçin ýurduň öz içinde we daşaryda dostlaryny artdyrjakdygyny mälim etdi.

“79 million adam dogan bolar” diýen Premýer ministr: “Aýry ýok. Aýralyklarymyzy baýlyk hökmünde göreris. Paýlaşyp bolýan köp zadymyz bar, dawa-jenjel üçin hiç zadymyz ýok. Bu ýurt ählimize ýeter” diýip belledi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym şeýle hem terror guramasy PKK barada durup geçip: “Şäherlerimizi sapladyk. Indi bolsa oba ýerlerini arassalaýarys. Bu eli ganly terrorçylaryň arkasyna kakýanlary hem bilýäris. Olara hem gözegçilik edýäris. Olara gözüni gyrpýan Günbatarly dostlaryma seslenýärin. Bu ot sizi hem ýakar” diýip nygtady.



Degişli Habarlar