Erdogan DAEŞ-iň yslam dinini we agzalaryny nyşana alýan iň rehimsiz guramadygyny belledi

Erdogan Stambul Dostlyk jemgyýeti tarapyndan guralan agzaçara gatnaşdy

523591
Erdogan DAEŞ-iň yslam dinini we agzalaryny nyşana alýan iň rehimsiz guramadygyny belledi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan DAEŞ diýilýän guramanyň yslamyň we musulmanlaryň adyny ulanyp mukaddes dini we onuň agzalaryny nyşana alýan soňky döwüriň iň rehimsiz guramasydygyny nygtady.

Stambul Dostlyk jemgyýeti tarapyndan guralan agzaçara gatnaşan Erdogan ol ýerde eden çykyşynda DAEŞ-iň yslam we musulmançylyk bilen kiçijek hem arabaglanşygynyň ýokdugyny, gaýtam tersine ýeke täk maksadynyň yslam dinine zeper ýetirmekdigini belledi.

Terror guramalarynyň hatarlaryna goşulýanlara hem çagyryş beren Prezident Erdogan: “DAEŞ-iň we PKK-nyň hatarynda bolan we häzirki wagta çenli olaryň hakyky ýüzüni görmeýänlere ýüzlenýärin: geliň iň gysga wagtda şol ýalňyşdan däniň. Öz diniňiziň agzalaryna, öz ýurduňyza, öz milletiňize zeper ýetirip aljak galaňyz bolmaz” diýdi.

Russiýa we Ysraýyl bilen kadalaşan gatnaşyklar barada durup geçen Erdogan gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň käbir töwerekleri binjalyk edendigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar