Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda kadalaşmaga başlan gatnaşyklar ilkinji netijesini berdi

Çawuşogly Russiýanyň syýahatçylyk pudagyna goýan embargosyny bes edendigini aýtdy

522696
Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda kadalaşmaga başlan gatnaşyklar ilkinji netijesini berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda kadalaşmaga başlan gatnaşyklaryň ilkinji netijesini alandyklaryny aýtdy.

Çawuşogly Antalýanyň Alanýa etrabynda berlen agzaçarda sözlän sözünde Russiýanyň syýahatçylyk pudagyna goýan embargosyny bes edendigini aýtdy.

Russiýa bilen geçirilýän gepleşikleriň ýygy-ýygydan dowam etjekdigini, Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem iki çäk gepleşik geçirjekdigini aýdan Çawuşogly, iki ýurduň degişli ministrleriniň hem  iki taraply gatnaşyklaryň kadalaşamgy üçin netijeli geplelşikler geçirjekdigini ýatlatdy.

İki lideriň telefon söhbetdeşliginden soň Prezident Putiniň ýurdundaky ýolbaşçylara görkezme berendigini aýdan Çawuşogly şol söhbetdeşligiň ilkinji netijesini berendigini belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly, Russiýanyň Prezidenti Dimitri Medwedewiň bolsa syýahatçylyk pudagyna goýlan embargolaryň bes edilmeginden soň “Türkiýä gitmek isleýän, Türkiýedäki ajaýyp dynç alyş mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýänler şu ýyl hökman peýdalansynlar” diýendigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar