Pida bolanlaryň sany 41 adama ýetdi

Stambulyň Guberniýasy Atatürk adyndaky howa menzilinde guralan hüjümde pida bolanlaryň sanynyn 41 adama ýetendigini habar berdi

520729
Pida bolanlaryň sany 41 adama ýetdi

Guberniýanyň ýazmaça beýanatyna görä pida bolanlardan 13 sanysy daşary ýurtly.

Hüjümiň terror guramasy DAEŞ tarapyndan guralma ähtimallygynyň üstünde durulýar.

Hüjümden soň uçuşlara ýapylan Atatürk adyndaky howa menzili sagat 02:22-de ýaňadandan gatnawa açyldy, terminallardaky iş düzgüni kadalaşypdy.

Atatürk adyndaky howa menzilinde bolan terror hüjüminden soň Stambula gelen syýahatçylar terroryň maksadyna ýetmezliği üçin Türkiýä gelmäge we syýahat etmäge dowam etjekdiklerini beýan etdiler.



Degişli Habarlar