“Russiýa bilen gatnaşyklar kadalaşmaga başlady”

Binaly Ýyldyrym TRT Habar kanalynda Türkiýe-Russiýa gatnaşygy barada beýanat berdi

519601
“Russiýa bilen gatnaşyklar kadalaşmaga başlady”

Türkiýäniň Premýer ministri Binaly Ýyldyrym Prezident R.T. Erdoganyň Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine 12-nji iýun Russiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen hatyndan soň gatnaşyklaryň kadalaşmaga başlandygyny mälim etdi.

Binaly Ýyldyrym TRT Habar kanalynda Türkiýe-Russiýa gatnaşygy barada beýanat berdi.

“Russiýa bilen bolup geçenleri, bolmadyk ýaly ýolumyza dowam ederis” diýen Ýyldyrym Erdoganyň we Putiniň telefon arkaly söhbetdeş boljakdyklaryny we ilkinji resmi aragatnaşygyň şu hepde başlanjakdygy belledi.

Binaly Ýyldyrym: “Belki çarşenbe güni, belkem penşenbe güni Putin bilen Prezidentimiziň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik bolar” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym täze etapda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda ykdysady ugurdaky gatanaşyklaryň we ikitaraplaýyn syýahatçylyk işleriniň tiz wagtda ýaňadandan başlajakdygyny nygtady.

Türkiýe-Müsür gatnaşyklar barada hem durup geçen Binaly Ýyldyrym Müsür bilen gatnaşyklaryň ministrler derejesinde başlap biljekdigini we bu ýagdaýyň öňümizdäki günlerde kadalaşmaga goşant goşup biljekdigini belledi.



Degişli Habarlar