Mehmet Görmez musulman alymlar bilen duşuşdy

Din işleri edarasynyň başlygy Mehmet Görmez dünýäniň başdan geçirýän etabyny medeniýet krizisi hökmünde analiz etdi

518858
Mehmet Görmez musulman alymlar bilen duşuşdy

Mehmet Görmez Siriýadan, Palestinadan, Müsürden, Yrakdan, Sudandan we Ýemenden gelip Türkiýede ýaşaýan mujahit alymlar bilen agzaçarda duşuşdy.

Stambuldaky yslam alymlary merkezinde berlen agzaçara 300-den gowrak musulman alym gatnaşdy.

Görmez  şu günki günde başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmeginde alymlaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Yslam medeniýetiniň taryhyň dowamynda uly kynçylyklary başdan geçirendigini aýdan Görmez musulmanlaryň geçmişde bolşy ýaly şu günki günde hem şol kynçylyklaryň hötdesinden geljekdigini nygtady.

Mehmet Görmez “Kairden, Damaskdan, Bagdatdan gelen alymlaryň tejribelerinden ýerlikli peýdalanmalydyrys” diýip belledi

 

 



Degişli Habarlar