Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan düýn agşam Palestinanyň Prezidenti Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

518775
Erdogan Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasa Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin geçirilen gepleşikler hakynda maglumat berdi.

Abbas netijeden hoşaldyklaryny aýtdy.

Erdogan bilen Abbas telefon söhbetdeşliginde Palestinalylaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy hakynda hem pikir alyşdy.

Prezident Erdogan Juma güni Stambulda Hamasyň syýasy lideri Halid Meşaly kabul edipdi we Ysraýyl bilen geçirilýän gepleşikler hakynda maglumat beripdi.

 



Degişli Habarlar