Erdogan: “Türkiýe Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň kepillendirijisi”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň kepillendirijisidini beýan etdi

516691
Erdogan: “Türkiýe Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň kepillendirijisi”

“Ýeni Türkiýe” Strategik barlaglar merkezi tarapyndan çykayrlýan “Täze Türkiýe” žurnaly soňky sanyny Ýakyn Gündogar temasyna bagyşlady.

Prezident Erdogan hem žurnala “Türkiýe, Ýakyn Gündogaryň ýeke-täk hakyky dostudyr” söz başyly makala ýazdy.

Ýakyn Gündogaryň käbir ýurtlar tarapyndan ýaňadandan dizaýn edilmäge synanşylýandygyny nygtan Erdogan, sebitiň territorial bitewiliginiň goralmagynyň tarapynda durýan ýeke-täk ýurduň Türkiýedigini nygtady.

Erdogan: “Bu taýdaky maksat ýeňillik bilen gözegçilik edilip bilinjek, garaşly ýagdaýa getirilip, koloniýalaşdyrylyp bilinjek dolanşyk döretmekdir. Türkiýe Ýakyn Gündogaryň territorial bitewiligini, durnuklylygyny, asudalygyny içginlik bilen isleýän ýeke-täk ýurt. Türkiýe geçmişde bolşy ýaly şu günki günde-de Ýakyn Gündogarda durnuklylygyň kepillendirijisidir” diýdi.

Erdogan makalasynda Siriýadaky hökümetiň 6 ýyldan bäri döwlet terrorçylygyny edýändigini, Russiýanyň hem öz bähbitleri üçin Asady goramaga synanşýandygyny nygtady.

Prezident Erdogan: “Gynansagam bu gyrgynçylyklardan uly zyýan çekýän toparlardan biri türkmenler. Russiýanyň we Başar Asadyň türkmenleri hem-de asuda ilaty nyşana alýan hüjümleri görmediksirelýär. Ruslaryň DAEŞ-e garşy göreş bahanasy bilen Siriýada edýän jeneýatlaryna we gyrgynçylyklaryna hyzmatdaşlarymyz hem sesini çykarmaýar” diýip ýazdy.

Makalasynda terror guramasy PÝD-ÝPG-niň Siriýada ýer almak maksadyna-da asla ýetip bilmejekdigini gürrüň beren Erdogan: “Terror guramasy PKK-nyň ýurdumyzyň içindäki tagallasy ýaly, bu ssenariler hem puja çykar. Ýurt we millet hökmünde asuda we eşretli Ýakyn Gündogaryň gurulmagy hem-de ýaşadylmagy üçin hiç-hili pidakärlikden gaçmarys” diýdi.



Degişli Habarlar