Bütindünýä Ýetimler günü mynasibetli Stambulda ýörite agzaçar berildi

Ynsanperwer kömek gaznasy IHH tarapyndan berlen agzaçara 2 müňden gowrak ýetim çaga gatnaşdy

515026
Bütindünýä Ýetimler günü mynasibetli Stambulda ýörite agzaçar berildi
dünya yetimler günü, sergi.jpg

Stambulyň Fatih etrabyndaky Mimar Sinan stadionynda berlen agzaçara 14 ýurtdan gelen 42 ýetim çaga hem gatnaşdy.

IHH 3 ýyl ozal Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna Bütindünýä Ýetimler gününiň yglan edilmegi üçin ýüz tutupdy

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan oraz aýynyň 15-nji güni Bütindünýä ýetimler güni hökmünde yglan edilipdi.

Ynsanperwer kömek gaznasy IHH her aý dinine we diline garamazdan yzygiderli ýagdaýda 85 müň ýetime kömek berýär.

 



Degişli Habarlar