Tanžu Bilgiç metbugat işgärlerine beýanat berdi

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bilgiç Türkiýe-Siriýa serhedinde Türkiýäniň howpsyzlyk güýçleriniň käbir siriýalylara bilkastlaýyn ýagdaýda od açandygygy we olaryň ölümlerine sebäp bolandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny belledi

514358
Tanžu Bilgiç metbugat işgärlerine beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Bilgiç Siriýa serhedinden Türkiýä bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşan siriýalylara od açylandygy barada berilen soraga: “Düýn gije Türkiýe-Siriýa serhediniň Hataý welaýatyndaky bölüminden bikanun ýollar bilen ýurdumyza geçmäge synanyşan siriýalylara biziň howpsyzlyk güýçlerimiz tarapyndan bilkastlaýyn od açylandygy we käbir adamlaryň ölmegine sebäp bolandygy baradaky habarlaryň hakykata laýyk däldir” diýip jogap berdi.

Bilgiç Türkiýäniň bikanun ýollar bilen serhetden geçmäge synanyşan adamlara garşy dolulygyna hukuky taýdan hereket edendigini belledi.



Degişli Habarlar