Erdogan Russiýa bilen gatnaşyklaryň laýyk bolan derejesine ýetmegini tama etdi

Prezident R.T.Erdogan 12-nji iýunda Russiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Wladimir Putine gutlag hatyny ugratdy

511089
Erdogan Russiýa bilen gatnaşyklaryň laýyk bolan derejesine ýetmegini tama etdi

Erdogan gutlag hatynda: “Bütin türk halkynyň adyndan ähli rus raýatlarynyň Garaşsyzlyk gününi gutlaýaryn we ýakyn geljekde Russiýa-Türkiýe gatnaşyklarynyň mynasyp bolan derejesine göterilmegini arzuw edýärin” diýip ýazdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem Russiýanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli rus kärdeşi Dmitri Medwedewe gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

Premýer ministrlikden alynan maglumata laýyklykde Ýyldyrym gutlag ýüzlenmesinde: “Gatnaşyklarymyzyň iki taraply bähbitlerimiz üçin gerek bolan derejä ýetmegini tama edýarin” diýdi.



Degişli Habarlar