Terrorçylykly hüjüm halkara guramalar we dünýä ýurtlary tarapyndan ýazgaryldy

Stambulda guralan we 11 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüm halkara guramalar we dünýä ýurtlary tarapyndan ýazgaryldy

506381
Terrorçylykly hüjüm halkara guramalar we dünýä ýurtlary tarapyndan ýazgaryldy

ABŞ hüjümi ýazgaran ilkinji ýurtlardan biri boldy.

Ak Tam hem-de Döwlet sekretarlygy tarapyndan berlen beýanatda hüjüm ýazgaryldy we terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw berildi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hüjüme gynanç bildirýändigini aýtdy.

Hiç hili ýagdaýda hüjümleriň kabul edilmejekdigini nygtan Merkel, ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç, ýaralananlara bolsa şypa diledi.

Merkel Germaniýanyň terrora garşy göreşde Türkiýä goldaw berýändigini nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland hem hüjümi berk ýazgardy.

Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna gynanç bildiren Oland,”Terrora garşy göreşde birlikde tutanýerli tutum alyp barmalydyrys” diýdi.

Hyýanatçylykly hüjüm Ysraýyl tasrapyndan hem ýazgaryldy.

Ysraýyl hüjüm sebäpli  türk hökümetine we hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.

Gresiýanyň Daşary işler ministrligi hem terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

 



Degişli Habarlar