Kurtulmuş howpsyzlyk güýçleriniň operasiýalary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramalaryna garşy göreşi dowam edýär

502459
Kurtulmuş howpsyzlyk güýçleriniň operasiýalary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Aş-Şyh Ýakup we Ýahmul sebitlerinde terror guramasy DAEŞ-e degişlidigi anyklanan ýerlere garşy guran hüjümlerinde 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Gaubisalar we köp nilli raketalar bilen guralan operasiýalarda guramanyň ammar hökmünde ulanan 1 bina ýok edildi.

Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde terror guramasy PKK-nyň ýerlerine garşy guralan howa hüjümlerinde bolsa PKK-a degişli 7 nyşana dolulygyna ýok edildi.

Wise-premýer Numan Kurtulmuş başarnykly ýagdaýda dowam etdirilýän operasiýalar barada göni ýaýlym arkaly beýanat berdi.

Terrora garşy göreşiň saýasynda terror guramasy PKK-nyň direginiň döwülip gelýändigini aýdan Kurtulmuş 22-nji iýuldan soň terroryň birnäçe halkara güýçler tarapyndan ýüreklendirilendigini belledi.

Terroryň halkara goldawyň saýasynda aýakda durýandygyny nygtan Kurtulmuş: “Halkara güýçler şol terror guramalaryna berýän logistiki, razwedka, ýarag, ykdysady we syýasy goldawlaryny aýyran halatynda ähli terror guramalary ýok bolup gider” diýdi.



Degişli Habarlar