“Näme etseler etsinler ahyrynda üstün çykan tarap biz bolarys”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan terror guramasy PKK bilen baglanşykly: “Näme etseler etsinler ahyrynda üstün çykan tarap biz bolarys” diýdi

499697
“Näme etseler etsinler ahyrynda üstün çykan tarap biz bolarys”

Prezident Erdogan Diýarbakyra guran saparynyň çäginde 12-nji maýda terror guramasy PKK tarapyndan 15 tonna partlaýjy madda ýüklenen ýük ulagynyň partladylan ýeri bolan we 16 adamyň ýogalmagyna, 23 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Dürümli etrabynyň Tanyşyk obasyna baryp gördi.

Prezident Premýer ministr Binaly Ýyldyrym we käbir ministrler bilen bilelikde Tanyşyk obasyna baryp ýogalanlaryň maşgalalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi.

Türkiýäniň terrora garşy göreşýändigini aýdan Erdogan: “Ýurdumyň ösmegine siňdirip bilmeýänler hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtda akyl berýärler. Döwletimiz güýçlidir. Şehit bolan adamlaryň maşgalalarynyň ýanyndadyrys” diýdi.

Prezident ähli şehit bolan maşgalalaryň bu etapdaky sabyrlaryny takdyr edýändiklerini belledi.

R.T. Erdogan: “Hiç hili sübhäňiz bolmasyn, bu işiň hötdesinden geleris” diýdi.



Degişli Habarlar