Soňky 10 aýda 7 müň 78 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy operasiýalarda soňky 10 aýda jemi 7 müň 78 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

496541
Soňky 10 aýda 7 müň 78 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ýurduň öz içindäki opersiýalarda 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri 2 müň 583 terrorçy öldürildi, 109 terrorçy ýaraly ýagdaýda ele salyndy. Tussag edilen terrorçylaryň sany 731-e, howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany bolsa 214-e ýetdi.

2015-nji ýylda Yragyň demirgazygyna guralan howa hüjümlerinde 1 müň 335 terrorçy öldürildi, 310 terrorçy ýaralandy, 2016-njy ýylda 1 müň 31 terrorçy öldürildi, 328 terrorçy ýaraly ýagdaýda ele salyndy. Şol wagtyň çäginde daşary ýurtlardan gelip howpsyzlyk güýçlerine boýun egen terrorçylaryň sany 437 boldy.

10 aýda 296-sy esger, 178-i polisiýa gullugynyň işgäri, 9-y wagtlaýyn oba goragçysy bolmak bilen howpsyzlyk güýjünden jemi 483 adam şehit boldy. Operasiýalarda 1 müň 568 esger, 1 müň 257 polis, 34 wagtlaýyn oba goragçysy bolmak bilen howpsyzlyk güýjünden jemi 2 müň 859 adam ýaralandy.



Degişli Habarlar