Şyrnakda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnakda häzire çenli 386 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 164 barrikada ortadan aýryldy we 21 çukur ýapyldy

492226
Şyrnakda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şyrnak welaýatynda howpsyzlyk güýçleriniň aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guran operasiýasynda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şäher merkezinde PKK-ly terrorçylaryň tussag edilmegi, gazylan çukurlaryň ýapylmagy we barrikadalaryň ortadan aýrylmagy, halkyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi maksady bilen yglan edilen köçä çykmak gadagançylygyndan soň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 14-nji martda başladylan operasiýalar dowam edýär.

Howpsyzlyk güýçleri düýn agşamara terrorçylaryň bolýan öýüni gabaw astyna aldy.

Howpsyzlyk güýçleriniň “boýun egiň”diýen çagyryşyna ot açmak bilen jogap beren terrorçylar bilen çaknyşyk boldy.

Ýarym sagada golaý dowam eden çaknyşykda köp sanly terrorçy öldürildi.

Şyrnakda häzire çenli 386 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 164 barrikada ortadan aýryldy we 21 çukur ýapyldy.

 



Degişli Habarlar