DAEŞ-e garşy göreşde 27 terrorçy öldürildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gaubisalar we toplar bilen DAEŞ-iň ýerlerini nyşana aldy

491517
DAEŞ-e garşy göreşde 27 terrorçy öldürildi

Siriýadaky terror guramasy DAEŞ-iň ýerlerine garşy Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gury ýerden, hyzmatdaş güýçleriniň bolsa howadan guran operasiýalarynda 27 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terror guramasy DAEŞ-iň Halapyň demirgazygyna hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklandy.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri gaubisalar we toplar bilen DAEŞ-iň ýerlerini nyşana aldy.

Hyzmatdaş güýçleri hem 3 aýry howa hüjümi gurady.

Operasiýalaryň barşynda terror guramasyna degişli 5 sany goranyş liniýasy we 2 sany ýarag liniýasy ýok edildi.

Oppozisioner toparlaryň DAEŞ-e garşy hüjümlerinde hem guramanyň gözegçiligi astynda bolan Faýdiýuah, Şeýh Rih we Tel Hyşh sebitleri basylyp alyndy.



Degişli Habarlar