Bozkyr ÝB-niň şertlerine berk garşylyk görkezdi

ÝB-niň wiza erkinligi üçin terrorçylyga garşy göreş kanunynyň üýtgedilmegi baradaky talabyna ÝB ministr Wolkan Bozkyr berk garşylyk görkezdi

489217
Bozkyr ÝB-niň şertlerine berk garşylyk görkezdi

Wolkan Bozkyr: “Türkiýede 450 şehidimiz barka, terrorçylyga garşy operasiýalar dowam edýärkä, kamikaze hüjümleri raýatlarymyzyň janyny almaga dowam edýärkä terrorçylyga garşy göreş kanunynyň üýtgedilmegi mümkin däl” diýdi.

Ministr Bozkyr Fransiýanyň Strazburg şäherine guraýan saparynyň çäginde Ýewropa Parlamentiniň Başlygy Martin Şulz, Ýewropaly konserwatorlar we reformaçylar toparynyň başlygy Sýed Kamall, Sosialistler we demokratlar arkalaşygy toparynyň başlygy Gianni Pittella we ÝP-niň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Elmar Brok bilen duşuşdy.

Bozkyr Şulz bilen duşuşandan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda Türkiýäniň wiza düzgüniniň bes edilmegi üçin degişli şertleri berjaý etmek ugrunda iş alyp barýandygyny nygtap: “Bu metametaki mesele däl. Bu syýasy mesele. Şertleri syýasy taýdan seljermek möhüm” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreş kanunyň üýtgedilmeginiň mümkin bolmandygyna ünsi çeken Wolkan Bozkyr: “Biziň terrorçylyga garşy göreş kanunymyz Ýewropanyň standartlaryna-da bap gelýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar