“Terror dünýä üçin iň uly howplardan biri”

Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akar terroryň bütin dünýä gönügen esasy howplardan biridigini aýtdy

488590
“Terror dünýä üçin iň uly howplardan biri”

Hulusi Akar Stambulda geçirilen Balkan ýurtlarynyň Baş ştablarynyň başlyklarynyň 10-njy maslahatynda çykyş etdi.

General Akar: “Hiç hili legallaşdyryjy sebäbi bolmadyk terrora garşy bilelikde göreşeliň” diýdi.

Terror guramasy PKK garşy göreşiň ygrarlylyk bilen dowam edýändigini nygtan Akar: “PÝD/ÝPG-niň PKK-nyň Siriýadaky bölümi hökmünde ýüze çykandygyny, şol iki terror guramasynyň biri-biri bilen gatnaşykda we hyzmatdaşdygynyň aç-açan ortadadygyny aýtdy.

PKK-nyň daşardan goldaw almak üçin ýalňyş maglumatlar bilen güýçli propoganda alyp barýandygyny nygtan Akar: “PKK bir tarapdan bigünä adamlary öldürip, beýleki tarapdan-da halkara jemgyýetçiliginde legallyk almagyň kül-külüne düşdi” diýdi.

Terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş barasynda-da durup geçen general Akar Türkiýäniň DAEŞ-i 2013-nji ýylda terror guramasy hökmünde ykrar edendigini we şol günden bäri oňa garşy göreşýändigini nygtady.

Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akar: “Şu günki güne çenli Siriýada we Yrakda Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 1300-e golaý DAEŞ terrorçysy ýok edildi, köp sanly ýarag, ok-däri, ulag we binalar hatardan çykaryldy” diýdi.



Degişli Habarlar